Umumadamzat ähmiýetli oňyn çözgütler

29 Noýabr 2023
1433

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Biz daşky gurşawy goramak we ekologik meseleler bilen bagly milli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýurdumyzyň obalarynyň we şäherleriniň daş-töwereginde tokaý zolaklaryny, gök guşaklary döredýäris» diýip nygtamak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda üns berilýändigini belledi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde asmanymyzyň durulygy, howamyzyň arassalygy, gün-günden gözelleşýän oba-kentlerimiziň görkanalygy göwnümizi galkyndyrýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär. Şunuň bilen baglylykda daşky gurşawa zyýanly täsiri bolan ýagdaýlaryň öňüni almaga, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler özüniň oňyn netijesini berýär.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.
Beýleki habarlar