Äýnekli ördek

28 Noýabr 2023
1899

Tebigatda guşlar dünýäsiniň geň-enaýy wekilleriniň biri bolan äýnekli ördek (latynça, Somateria Fischeri) ördekler maşgalasyna degişli bolan guşdur. Äýnekli ördek Alýaskanyň we Demirgazyk-Gündogar Sibiriň deňiz kenarýakalarynda duş gelýär.

Guşlar dünýäsiniň bu täsin wekiliniň beden gurluşy-da üýtgeşikdir. Onuň boýny gysgadan gelen ýogynrak bolup, kükregi gara reňklidir. Onuň kellesinde mese-mälim bildirip duran nagşy bar. Bu guşuň bedeniniň ululygy 60 santimetre, agramy bolsa, ortaça 1,6 kilograma çenli ýetýär. Äýnekli ördegiň bedeniniň esasy aýratynlygy – gözüniň töweregindäki çiş ýaly şekilidir. Çünki onuň gözünde diametri 30 millimetr töweregi bolan çişirilen «äýnegi» bar. Bu görnüşiň horazynyň bedeni ak nagyşly, mäkiýanlarynyňky çal nagyşlydyr. Maňlaýynda aýratyn ýaşyl reňkli tüý örtügi bolup, çüňki sary ýa-da mämişi reňkli, ýelekleriniň uçlary gara reňkli bolýar. Äýnekli ördegiň bedeniniň reňki pasyllara görä üýtgeýär. Mäkiýanlarynyň bedeni tutuş ýylyň dowamynda diýen ýaly gülgüne ýa-da goňrumtyl reňkli bolýar. Horazy garamtyl reňkli bolup, arkasyndan ak zolak geçýär, gözleriniň töweregindäki sarymtyl-ýaşyl öwüsýän uly ak tegelek tegmiller onuň özboluşlylygyny artdyrýar. Bu ördekleriň mäkiýany garamtyl-goňrumtyl reňkli bolup, ýiti ses bilen gagyldaýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Aýgül ALTYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar