Täsin jandarlar

22 Noýabr 2023
1792

Fenek tilkisi

Fenek tilkisi täsin jandar hasaplanýar. Bular, esasan, Demirgazyk Afrikanyň çöllerinde ýaşaýarlar. Fenek beýleki tilkilerden göwrüminiň kiçiligi we ullakan gulaklary bilen tapawutlanýar. Uzynlygy 15 santimetre çenli bolan gulaklary, diňe diň salmagyň özboluşly serişdesi bolman, eýsem, bedeni sowatmagyň hem gowy serişdesidir. Olar juda çalasyn hereketleri bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär. Çünki çölde ýaşaýan bu tilkileriň der bölüp çykarýan mäzleri ýok, şol sebäpli giň gulaklara eýe bolmak bilen termoregulýasiýa hadysasyny aňsatlaşdyrmagy başarýarlar. Jandaryň duýgur gulaklary gaty seslere çydap bilmeýär. Olar bökmek ukyby bilen hem meşhurdyr. Kiçijik tilkijikler aňsatlyk bilen 70 — 120 santimetr öňe bökmegi başarýarlar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Ruhsara JUMAGELDIÝEWA.
Beýleki habarlar