Çilimkeşlik sebäpli döreýän kesel

22 Noýabr 2023
504

Welaýat onkologiýa hassahanamyza ýüz tutýan raýatlar flurografiýa we rentgenografiýa barlaglaryndan geçirilýär. Şonda öýkende ýekeje düwün tapylsa, onuň howpsuz düwün bolmagy hem mümkin, ýa-da öýkeniň howply täze döremesi bolmagy hem mümkin. Şeýle ýagdaýda birinji bilen aýtjak zadymyz gorkmaly däl, öýkeniň täze döremesiniň 90 göterimi çilimkeşleriň keselidir. Çilim çekýän adamlarda öýkeniň we gyzylödegiň täze döremesi, bronhit, aşgazanyň ýara-baş keseli, miokardyň infarkty, stenokardiýa ýaly keseller köp ýüze çykýar.

Çilim çekmeýän bolsaňyz, öýkeniň täze döremesiniň töwekgelçiligi sizde azdyr. Öýkeniň düwünleriniň 90 göterimi howpsuzdyr. Ýöne öýkeniň täze döremesi bilen oýun eder ýaly däldir. Öýkeniň täze döremesine getirýän esasy sebäpleriň biri bolsa çilimkeşlikdir.

Beýleki habarlar