Ilatyň abadan ýaşaýşynyň hyzmatynda

16 Noýabr 2023
520

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça anyk wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek işine biziň birleşigimiziň agzybir işgärleri hem ruhubelentlik bilen gatnaşýarlar. Olar suw we lagym ulgamlarynyň kadaly hereket etmegi, ilatyň agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Bu babatda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda has önjeýli işler bitirilýär. Şu ýylyň geçen on aýynda welaýatymyz boýunça ilata agyz suwunyň 30 million 622,9 müň kub metri berildi. Şol bir wagtyň özünde ulgamy abatlamak bilen baglanyşykly işler hem guramaçylykly dowam edýär. Üstümizdäki ýylyň geçen döwründe suw geçirijileriň 1,5 kilometre golaý aralygy täzelenildi. Şeýle işler lagym ulgamynda hem ýerine ýetirildi.

Birleşigimiziň ilatyň abadan we eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek işiniň öň hatarlarynda bolýan işgärlerini ýokary netijeli zähmet çekmäge höweslendirmek, olaryň kanuny bähbitlerini goramak ugrunda guramamyz tarapyndan maksatlaýyn işler alnyp barylýar. Guramamyz agzalaryň 1255-sini özüne birleşdirýär. Olardan Myrat Söýünow, Şirin Işankulyýewa, Serdar Weýisow, Bahar Açilowa ýaly hünärmenlerimiz has tapawutlanyp zähmet çekýärler. Biz alyp barýan wagyz-ündew häsiýetli çärelerimizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň ilatyň bagtyýarlygyna gönükdirilen ilhalar syýasatlary barada söhbet açyp, işgärlerimizi tutanýerli we maksada okgunly zähmet çekmäge höweslendirýäris.

Kutlymurat ABAÝEW,
«Lebapwelaýatagyzsuw» birleşiginiň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.