Gulanlara gözegçilik edilýär

15 Noýabr 2023
1864

Haýwanat dünýäsiniň özboluşly wekilleriniň biri hem gulanlardyr. Gulanlar gylýallar maşgalasyna degişlidir. Olaryň gulaklary eşekleriňkiden gysga bolsa-da, atyňkydan uzyndyr. Arkasy eşekleriňki ýaly gönüdir, gysga guýrugynyň ujunda bolsa çotga şekilli çöpürleri bar. Emma ol eşege garanda has syratly, güýçli we uludyr. Gulanlar süri bolup ýaşaýarlar. Olar gurak şertlere has oňat uýgunlaşandyr. Şor suwy-da içmäge ukyplydyrlar. Geçmişde gulanlar ýurdumyzda daglaryň gaýalyk ýerlerinden, dag we derýaýaka tokaýlardan, gamyşlaryň gür jeňňelliklerinden hem-de batgalyklardan beýleki ähli pesliklerde, dag etegi baýyrlyklarda ýaşapdyrlar. Däneli ösümlikler, ýowşanlar we şoralar gulanlaryň esasy iýmiti bolup durýarlar.

Gulanlaryň häzirki ýaýrawy we sanynyň artmagy suw çeşmelerine baglydyr. Ýylyň gurak we yssy döwürlerinde, otlaryň çyglylygy pes bolanda, gulanlar suwy yzygiderli içmeli bolýarlar. Olar maý we aprel aýlarynda höwre gelýärler. Ene gulan üç-dört ýaşyndan 15 ýaşyna çenli nesil öndürmäge ukyplydyr. Amatly şertler bolanda, ene gulanlar, aýratyn-da ýaş gulanlar her ýyl, käte yzygiderli 5-6 ýyllap nesil öndürýärler. Ýyndam we örän çydamly haýwan bolan gulanlaryň görüş, eşidiş we ys alyş synalary has ösendir. Olaryň ýanyna duýdansyz golaýlaşmak mümkin däl diýen ýalydyr.

Hanmeňli Hojamämmedowa,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar