Döwrüň talaby

15 Noýabr 2023
564

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sanly ykdysadyýeti döretmezden, döwletimiziň ösüşini göz öňüne getirmek asla mümkin däldir. Çünki ýurdumyzyň geljekki ösüşleri sanlylaşdyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», sanly ulgamy ornaşdyrmagyň Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen, milli ykdysadyýetimize sanly ulgam işjeň ornaşdyrylýar. Ýurdumyzda halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň çekilmegi, awtomatlaşdyrylan telefon beketleriniň sanlylaşdyrylmagy, myhmanhanalarda, ilatyň dynç alýan ýerlerinde, söwda merkezlerinde, bilim ojaklarynda, edara-kärhanalarda Wi-Fi tehnologiýasynyň, elektron söwda ulgamynyň ornaşdyrylmagy, ähli tölegleriň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinde tölenmegi bu babatda amal edilen işleriň netijesidir. Paýtagtymyzdaky we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky internet dükanlarynyň üsti bilen dürli azyk önümlerini, hojalyk harytlaryny öýde oturan ýeriňden satyn alyp bolýar. Olar üçin hasaplaşyklar nagt we nagt däl görnüşde, şeýle-de onlaýn arkaly kabul edilýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýaşlarynyň döwrebap ylym-bilim almagy, giň gözýetimli bolmagy, dünýä tejribesini öwrenmegi üçin ähli şertleri döredýär. Bu gün biz döwrüň öňümizde goýan talaplaryna dogry düşünip, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarmaly. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri bu ugurda biziň esasy ýardamçymyzdyr.

Kerim SERDAROW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.