Beýik ösüşleriň ýoly bilen

15 Noýabr 2023
562

Ýurdumyzyň her bir gününiň ajaýyp wakalara beslenmegi, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ykdysady we durmuş ulgamlarynyň ösüşleri, medeni hem-de aň-bilim özgertmeleri ähli halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Halk hojalygynyň ähli ulgamlarynyň täze, döwrebap tehnologiýalar esasynda ösdürilmegi netijesinde ilata edilýän durmuş we bank hyzmatlarynyň gerimi barha giňeýär. Dürli bank hyzmatlarynyň, şol sanda nagt däl hasaplaşyklar we hyzmatlar ulgamynyň barha giňeldilmegi, plastik kartlaryň çalt depginler bilen ornaşdyrylmagy, harytlary, şeýle hem resmi web-saýtlaryň üsti bilen howa we demirýol peteklerini satyn almak, ýörite sanly ulgam arkaly ykjam telefonlaryň ýa-da bank kartynyň üsti bilen abuna ýazylmak hyzmatlarynyň hödürlenilmegi tölegleri hiç bir kynçylyksyz amala aşyrmaga şert döredýär. Munuň özi ilatyň, aýratyn hem, telekeçileriň gysga wagtyň içinde zerur bolan işlerini ýerine ýetirmegine uly mümkinçilikler berýär. Sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak diýmek — tizlik, tygşytlylyk, ösüşler we amatlylykdyr. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri uly depginler bilen alnyp barylýar.

Asyrlarboýy kalbynda besläp gelip, ahyrsoňy bir döwlet bolup ýaşamak arzuwyna gowşan halkymyzyň ýurt Garaşsyzlygynyň binýadyny has-da berkidip, onuň mizemez, mäkäm durkunda nesilden-nesle geçmegi, asyrlardan-asyrlara aşmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz ýurdumyzy ösdürmek, halkymyzyň ýagty, eşretli durmuşyny üpjün etmek ugrundaky esasy ýol-ýörelgelerini özüniň «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda» atly kitabynda giňişleýin beýan edýär.

Selbi NURJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.