Täsin Fenek tilkisi

14 Noýabr 2023
2024

Fenek tilkileriň arasynda ýeke-täk öýde saklanýan görnüşidir. «Fenek» arap sözünden gelip çykyp, «tilki» diýen manyny berýär. Alymlar köp wagtlap bu jandary tilkiler urugyna degişli etmändirler. Fenek özüni alyp barşy boýunça hem beýleki haýwanlardan güýçli tapawutlanýar.

Göwresi boýunça öý pişiginden kiçi bolan tokaý fenegi – fenekler urugyna degişlidir. Bu kiçijek ýyrtyjynyň boýunyň uzynlygy 20 santimetre, guýrugy bilen hasap edilende 65 santimetre barabar bolup, agramy 1,5 kilograma golaý bolýar. Onuň daşky keşbi örän gelşikli bolup, tumşugy we burny uzyndyr. Fenek daşky görnüşi boýunça pişigi hem ýadyňa salýar. Görüjiligi ýiti, dişleri ownukdan gyýak bolýar. Aýaklary inçe, ýöne güýçli we çalasyn bolýar. Dabanyndaky gür tüýler çäge gyzanda, gyzgynyň dabanyna zyýan ýetirmeginden gorap saklaýar. Bedeni çäge reňkli, uzyn, gür we ýumşak tüýli bolup, guýrugynyň ujy garadyr.

Enebaý ANNALYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar