Gazçylaryň jogapkärli möwsümi

13 Noýabr 2023
498

Häzirki günlerde «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň Mary welaýatynyň şäherlerindäki, etraplaryndaky gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ilatyň tebigy gazyň köp sarp edilýän döwri bolan gyş paslynda «mawy ýangyç» bilen üpjünçiliginde bökdençligiň ýüze çykmazlygy üçin möwsüme taýýarlyk işlerini bellenilen meýilnama laýyklykda ýokary hilli geçirýärler.

Müdirligiň «Maryşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleridir işçileri bolsa jogapkärli möwsüme taýýarlyk işlerini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Tejribeli hünärmen Şamyrat Rejebowyň ýolbaşçylygyndaky bu gaz hojalyk edarasynyň işgärleri welaýat merkezi Mary şäheri boýunça kyrk bir müň bir ýüz ýetmiş dokuz sany hojalygy, şeýle hem şäheriň çäginde ýerleşýän döwlet kärhanalaryny we döwlete degişli däl edara-kärhanalary ýylyň bütin dowamynda tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edýärler. Olar şäherdäki umumy uzynlygy bäş ýüz altmyş ýedi kilometrden köpräk bolan gaz geçirijileriň degişli ýerlerinde bejeriş-abatlaýyş işlerini, bar bolan ýigrimi dört sany gaz paýlaýjy desgada, üç ýüz otuz iki sany gaz sazlaýjy enjamlarda sazlamak, bejermek, reňklemek, tehniki taýdan hyzmat etmek işlerini bildirilýän talaplara laýyk ýerine ýetiripdirler.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».