Nebitgaz guýularynda işler talabalaýyk guralýar

13 Noýabr 2023
489

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligi işi ýerine ýetiriji bolup, buýrujylaryň, ýagny konserniň edara-kärhanalarynyň meýilnamalarynyň çäklerinde häzirki wagtda Demirgazyk Goturdepe, Barsagelmez, Uzynada, Nebitdag, Gumdag, Guýjuk, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Altyguýy, Körpeje, Günorta Gamyşlyja, Nebitlije, Ekerem, Keýmir, Kemer, Akpatlawuk, Çekiçler ýaly nebitgaz ýataklarynyň guýularynda müdirligimiziň garamagyndaky Ekerem, Körpeje, Guýjuk, Goturdepe, Barsagelmez guýulary berkidiji sehleri hem-de «Galkynyş», «Berkarar» toplumy nebitgaz guýularynda sementleme işlerini ýerine ýetirýär.

Müdirlikleriň önümçilik meýdanlarynda ugrukdyryjylaryň konduktorlarynyň, aralyk (tehniki), «guýrujak» we ulanyş sütünlerini sementlemek, guýulary burawlamakda, abatlaýyş işlerinde sement köprülerini, nebit wannalaryny goýmak, goýberilen we sement bilen berkidilen sütünleri basyş astynda jebislige synag etmek, gatlak sorulmanyň garşysyna ulanylýan garyndylary gatlaga goýbermek, howa kowujy kompressorlar bilen gatlaklary synag etmek, özleşdirmek, sementiň suwuklygynyň barlagynyň laboratoriýa seljermesini geçirmek işleri amala aşyrylýar.

Ogulbibi ŞYHYÝEWA,
«Türkmennebit» DK-nyň Nebit we gaz guýularyny berkitmek boýunça müdirligiň uly proraby, konserniň zenanlar guramasynyň başlygy.