Türkmenistanyň Söwda toplumy boýunça iş maslahaty geçirildi

12 Noýabr 2023
461

11-nji noýabrda Türkmenistanyň Söwda toplumynyň binasynda şu ýylyň on aýynda toplum boýunça ýerine ýetirilen işler, şeýle-de 10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda öňde durýan wezipeler boýunça iş maslahaty geçirildi.

Iş maslahatynda, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew şu ýylyň on aýynda söwda toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada çykyş etdi. Şeýle-de wise-premýer hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmegiň, halkyň sarp edýän harytlaryny artdyrmak boýunça işleri dowam etdirmek, bazarlarda hem-de dükanlarda, aýratyn-da, baýramçylyk günlerinde dürli önümleriň elýeterli, bolelin bolmagyna gözegçilik etmek barada bellenildi.

«Biznes reklama».