Nesil terbiýesinde ekologik medeniýet

3 Noýabr 2023
1356

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary esasynda Diýarymyzyň dürli künjeginde her ýylda millionlarça düýp nahalyň oturdylmagy ýurdumyzda ähli ýaşdaky adamlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek ugrunda anyk işleriň amala aşyrylýandygyndan nyşandyr.

Ekologik düşünje we tebigata söýgi adamyň çagalyk döwründe kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesilleri tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeler esasynda terbiýelemek, olaryň ekologik medeniýetini ýokarlandyrmak döwletimiziň ileri tutýan ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde dünýäde daşky gurşaw bilen baglanyşykly ýüze çykýan çylşyrymly meseleler ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmegi, olara akyl ýetirmegi, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmagy talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir mekdepde däl, eýsem, maşgalada hem ekologik düşünjeliligi kemala getirmek möhümdir.

Ýakup AKMYRADOW,
Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiň müdiri.
Beýleki habarlar