Dünýäni özgerdýän oňyn ýörelge

1 Noýabr 2023
1146

Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagy bilen baglydygyna uly üns berýär. Bu ýörelge «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem öz beýanyny tapdy. Ösen ykdysadyýetiň şertlerinde gözel tebigatymyzy goramak, «ýaşyl» ykdysadyýetiň gerimini giňeltmek we mümkinçiliklerini kämilleşdirmek döwrüň möhüm wezipeleriniň biri hasap edilýär. Gahryman Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda hem häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşi hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň biri hökmünde öňe sürdi.

BMG-niň belent münberinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklibi öňe sürmek bilen, bu oňyn başlangyjyň Hazar deňziniň gurşawyny hem-de biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, ýurdumyz dünýädäki ekologik meseleler babatynda Birleşen Milletler Guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyk edýär. Bu gatnaşyklary dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen ýene-de giňeltmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.

Arazgeldi AŞYROW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar