Döwrüň talabyndan ugur alyp

25 Oktýabr 2023
1124

Halkymyzda gurmak, bina galdyrmak asylly ýörelgedir. Ýurdumyzda bu ugurda birnäçe kanunçylyk namalary, maksatnamalar kabul edildi. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» sebitleriň döwrebap ösüşini üpjün etmäge gönükdirilip, olaryň çäklerinde welaýatymyzyň şäherlerini we obalaryny ösdürmek babatda hem zerur işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda telekeçilik pudagynyň ösmegi, hususyýetçilige aýratyn üns berilmegi netijesinde, bu ugurda hereket edýän kärhanalaryň sany barha artýar. Olaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Nurana dost» hususy kärhanasydyr. Bu ýerde alnyp barylýan işler dogrusynda gurluşyk kärhanasynyň inženeri Oraz Orazow bize şeýle gürrüň berdi:

Beýleki habarlar