Durnukly ulag ulgamy we daşary söwda

10 Sentýabr 2023
279

Ulag pudagy dünýäde globallaşmak hadysasynyň ýüze çykmagyny şertlendiren ýagdaýlaryň biri bolup, dünýä ösüşiniň häzirki tapgyrynda sebitleri we yklymlary birleşdiriji güýje öwrüldi. Her bir döwlet geografik taýdan amatly ýerleşişini we onuň mümkinçiliklerini ulanmagyň hasabyna milli ösüşi üpjün etmek üçin zerur bolan geosyýasy we geoykdysady bähbitleri öňe sürýär. Türkmenistan iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, onda ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçilikleri bar. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri hem ulag-üstaşyr geçelgelerini daşary-ykdysady syýasatymyzda ösdürmeklik bolup durýar.

Milli Liderimiziň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň demir ýol ulgamy Gündogardan Günbatara, Demirgazykdan Günorta tarap ak ýollar bilen barha uzaýar. 2014-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly ulanmaga berildi. Ol Türkmenistanyň çägi arkaly Ýewropa ýurtlary üçin Baltika deňzindäki portlardan Pars aýlagynyň, Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt we çig mal bazarlaryna, Hindi ummanynyň kenaryndaky döwletlere göni çykalgany açdy. Bu demir ýol indi diňe bir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda däl, eýsem, Hytaý, Russiýa, Hindistan, Türkiýe bilen hem harytlaryny yzygiderli, üstaşyr amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hytaý Halk Respublikasy Pars aýlagyna çykarýan ýüklerini 2016-njy ýylyň fewral aýyndan başlap, häzirki wagta çenli Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran ugry boýunça dowamly otly ýük gatnawy bilen amala aşyrýar. Bu demir ýolunyň umumy uzynlygy 10 müň kilometre golaý bolup, ony geçmek üçin gerek bolan wagt iki hepdä golaý boldy. Bu demir ýoluny ortaça alanyňda, deňiz ýolundan iki esse tiz geçmäge mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý deňiz portundan Pars aýlagynda ýerleşýän Eýran Yslam Respublikasynyň Bender-Abbas portuna çenli ugradylan ýükleri getirmeklik üçin bir aýdan gowrak wagt sarp etmeli bolýar.
2022-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, häzirki wagta çenli Demirgazyk — Günorta geçelgesiniň gündogar şahasy arkaly Russiýa Federasiýasynyň ilkinji gezek Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň üsti bilen, soňra deňiz gatnawy arkaly Hindistanyň Mumbaý şäherindäki Nawa Şewa portuna konteýner otlularyny daşap başlandygyny bellemek gerek. Bu ýoluň umumy uzynlygy 8 müň kilometrden gowrak bolup durýar. Bu halkara demir ýolunyň üsti bilen 2022-nji ýylyň iýun aýynda Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça ilkinji synag ýük otlusy üstünlikli hereket etdi.

Perhat ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.