Türkmenistanyň Deňiz söwda floty täze guruljak gämiler barada mälim edýär

7 Sentýabr 2023
397

Türkmenistanyň Deňiz söwda floty häzirki döwürde “Balkan” gämigurluşyk zawodynda iki sany gury ýük gämisini gurmaga taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu gämileri gurmak baradaky Karara gol çekdi.

Häzirki döwürde milli söwda floty “Balkan”, “Magtymguly” we “Türkmenistan” gury ýük gämileri arkaly daşary ýurt portlaryna ýükleri daşamak hyzmatyny hödürleýär. Bu gämiler arkaly gury ýükler esasan, Türkmenbaşy, Baku, Astrahan we Aktau deňiz portlarynyň arasynda daşalýar. Mundan başga-da, “Balkan” guryýük gämisi arkaly Türkmenbaşy – Baku – Türkmenbaşy aralygyna konteýner fider daşamalary amala aşyrylýar. 2022-nji ýylda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty 684 sany gury ýük gämisine hyzmat etdi. Şol hyzmatlaryň 80 göterimi daşary ýurt, 20 göterimi hem öz milli gämilerimize edildi.