Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda €494,66 milliondan geçdi

6 Sentýabr 2023
403

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigine (ÝB) agza ýurtlary bilen ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 494,66 million ýewrodan geçdi. Bu barada ÝB-niň Statistika gullugyna (Ýewrostat) salgylanyp, Azerbaýjanyň “Trend” agentligi sişenbe güni habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistan bilen ÝB agza ýurtlarynyň arasyndaky söwda geçen ýylyň ilkinji bäş aýy bilen deňeşdirilende 17,8 göterim ýokarlandy (406,3 million ýewro).