Ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy ýarym milliard tonna kilometrden geçdi

2 Sentýabr 2023
435

2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň ýük dolanyşygy 541 million 245 müň tonna kilometre deň bolup, bu babatdaky meýilnama 223,5 göterim ýerine ýetirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 125,7 göterim köpdür diýip, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berýär.

Bellenilen döwürde Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunda daşalan ýüküň möçberi 1 million 755 müň 500 tonna deň bolup, olaryň 1 million 304 müň tonnasy deňiz ulaglary bilen, 451 müň 50 tonnasy bolsa derýa ulaglary bilen daşalan ýüklere degişlidir. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüşiň görkezijisi 119,0 göterime deňdir.