Türkmeniň «deňiz derwezesi»: giň gözýetimler, guwandyryjy ösüşler

31 Awgust 2023
350

Ýol-ulag ulgamynyň, şol sanda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösüşindäki orny barha berkeýär. Bu mümkinçilik bolsa, ulanmaga berlenine beýle bir uzak wagtyň geçmändigine garamazdan, onuň Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygyndaky kuwwatly logistik merkeze öwrülmeginde esasy görkeziji bolup hyzmat edýär. Netijede, türkmen portunyň deňiz, awtoulag, demir we howa ýollaryny ulanmak arkaly ýük daşalyşyny utgaşdyrmakda esasy merkezleriň biri hökmündäki orny yzygiderli pugtalandyrylýar.

Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde degişli üstaşyr ulag hem-de logistik ulgamyň döredilmeginde, Türkmenistanyň BMG-niň giňden goldamagynda bu ugurda alyp barýan işjeň syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde, ählumumylaşýan ykdysadyýetde dünýä ulagynyň ösüşi meseleleri boýunça gepleşikleriň barha maksada okgunly häsiýete eýe bolmagynda, bu gepleşiklere täze gatnaşyjylaryň — döwletleriň, kompaniýalaryň, halkara institutlaryň we guramalaryň goşulyşmagynda Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň täsiriniň uludygy jedelsiz hakykatdyr. Çünki ol sebit ýurtlarynyň Gara deňiz hem-de Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň, şeýle-de Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly, Ýewraziýa giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümine goşulyşmaklarynda ähmiýetli orun eýeleýär. Türkmenistanyň milli derejede ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirýändigi hem gürrüňi edilýän porta bolan sebit, yklym hem-de ählumumy derejedäki gyzyklanmalary artdyrýar. Ulag-logistika ulgamynyň düzümini we ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň hilini kämilleşdirmek ähli döwürde-de zerurdyr welin, dünýäniň köp ýurtlarynyň ykdysady çökgünlige garşy göreşýän häzirki döwründe has-da wajyp bolup durýar.

Ysmaýyl TAGAN.
«Türkmenistan».