Köňül buýsanjy

27 Awgust 2023
635

Baýmyrat MAJANOW,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzasy:

— Ynsanyň ýüreginde beslän süýji arzuwlarynyň hasyl bolmagy ajaýyp pursat bolup, onuň ömrüne egsilmejek şatlyk eçilýär. Bagtyýarlygyň joşguny kalbyňa çäksiz güýç-kuwwat bagyşlaýar. Ýaşlygyň gujur-gaýratyny haýyr işlere sarp edip, özüňe ynanylan tamany ödäsiň gelýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde ylym-bilim ösdürilýär, sportda täze üstünlikler gazanylýar. Ylym-bilime, sporta bolan höwesim ýaş kalbymda berk ornaşdy. Bu günki gün arzuwym hasyl boldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly meniň üçin iň bir bagtly ýyl boldy. Bu ýyl men dzýudo boýunça ýetginjekleriň arasynda Ýewropanyň kubogyny almak boýunça Bosniýa we Gersogowina döwletinde geçirilen ýaryşda 2-nji orny eýelemegi başardym. Şeýle hem çagalykdan okamagy arzuw edýän ýokary okuw mekdebimiň — Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby boldum.

Beýleki habarlar