Uly islegli süýt önümleri

12 Iýul 2023
1119

Daşoguz şäherindäki açyk görnüşli «Şabat» hususy kärhanasynda aýranyň düzümi has baýlaşdyrylan görnüşi öndürilip başlandy. Welaýatyň azyk önümçiliginde mynasyp orun eýeleýän bu kärhanada häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyk gelýän süýt önümleriniň 20-den gowrak görnüşi taýýarlanylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň alty aýynda bu ýerde jemi 3 million manatlykdan gowrak dürli görnüşli önümler çykarylyp, munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgininiň ýokarydygyny görkezýär. Şanly ýylymyzyň her bir aýynda kärhana boýunça 500 müň manatlykdan gowrak süýt önümleri öndürilýär.

Bazar gatnaşyklary şertlerinde hususylaşdyrylyp, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrülmegi bilen kärhananyň önümçilik ulgamlary düýpli täzelendi hem-de häzirki zamanyň ýokary isleglerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Şunda öndürilýän önümleriň hil we bezeg derejesine hem aýratyn üns berilýär. Netijede, owadan bezegli, göze gelüwli gaplara gaplanan mesge ýagy, dorag, gatyk, gaýmak, aýran ýaly süýt önümleri ýöriteleşdirilen söwda nokatlarynyň üsti bilen sarp edijilere satylyp, bu önümlere isleg barha artýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar