Iň gymmatly pişik

21 Iýun 2023
1869

Adamzat asyrlaryň dowamynda tebigatdan yzygiderli peýdalanyp, onuň önümlerini öz islegine görä üýtgedip gelipdir. Seçgiçilik ylmynyň ösmegi netijesinde janly bedenleriň iň gowy görnüşlerini we tohumlaryny döretmegi başarypdyr. Sawanna pişiginiň döredilmegi seçgiçilikde hünärmenler tarapyndan gazanylan oňyn netijeleriň biri hasaplanylýar.

Sawanna pişigi owadan we mylaýym häsiýetli öý pişigini almak maksady bilen ýabany afrikan serwal pişiginiň we öý pişiginiň (bengal pişigi) özara çaknyşdyrylmagy netijesinde döredilýär. Bu pişigiň süýnmek bedeni iri bolup, onuň boýy 60 santimetre, agramy 15 kilograma çenli ýetýär. Penjeleri uzyn, boýny uzalan görnüşlidir. Bedeniniň garamtyl tegmilli, goňur we altynsow reňkli tüý örtügi gür ýerleşendir. Pişikleriň beýleki tohumlaryna garanda, sawanna pişiginiň aňlaýyş ukyby has ösendir. Berk bedeni owadan bolup, alajagaplaňy ýada salýar. Sawanna pişiginiň aýaklary uzyn, gözleri iri we tegelekdir.

Bagtyýar RAHMANOW,
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar