Biotehnologiýa — geljegi uly ugur

30 Maý 2023
1160

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow golaýda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şäheriň degişli düzümleriniň işiniň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly giňişleýin maglumat berýän şekilli taslamalary synlady. Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň gurluşygynyň nobatdaky tapgyrynda, esasan, senagat toplumyna degişli önümçilik kärhanalarynyň guruljakdygyny belläp, bu işleriň ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny, olarda öndüriljek önümleriň ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmakda wajyp orny eýelejekdigini nygtady.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hem-de ýaş mugallymlarynyň ýurdumyzda bar bolan çig mallardan taýýarlan önümleri-de görkezildi. Milli Liderimiz olar bilen tanşyp, ýaş alymlary höweslendirmegiň wajypdygyna ünsi çekmek bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da giňeltmegiň, olaryň ylmy we önümçilik ähmiýetini açyp görkezmegiň möhümdigini aýtdy. Alym Arkadagymyzyň belent ynamy uniwersitetiň ähli professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny diýseň buýsandyrdy hem-de olary täze, döredijilikli ylmy gözleglere ruhlandyrdy.

Döwletmyrat PORRYKOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar