Gunduzlar

17 Maý 2023
1863

Gunduzlar kert kenarly we dykyz suwotuly haýal akýan howdanlarda we köllerde ýaşaýan süýdemdiriji haýwanlardyr. Gunduzlaryň dünýäde 8 görnüşi bolup, Türkmenistanda şolardan diňe bir görnüşi — Merkezi Aziýa gunduzy gabat gelýär. Ýurdumyzyň käbir ýerinde bu jandara «segaby» hem diýilýär.

Olaryň göwresi orta ululykda bolup, bedeni ýasydan süýnmek, kellesi ýasy, gulaklary tegelegräk we gysga bolýar. Guýrugynyň düýbi ýognas we ujuna tarap inçelip gidýär. Erkek gunduzyň agramy 9,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 81 santimetre barabardyr. Urkaçysynyň agramy 6,5 kilogram töweregi bolup, bedeniniň uzynlygy 55 — 68 santimetre çenlidir. Penjelerindäki ýüzüş perdesiniň kömegi bilen kürekläp, suwuň aşagynda çalt hereket edip, ownuk balyklary tutup bilýärler.

Zarina ŞUKRULLAÝEWA,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri.
Beýleki habarlar