Janly tebigatyň gözelligi

17 Maý 2023
1783

Towuk şekillileriň içinde iň çalt ylgaýany sülgündir. Ol diňe bir açyk meýdanda däl, eýsem, gür otlukda, tokaýlyklarda-da gowy ylgaýar. Sülgün gijesine ýerde, jeňňelligiň ortasynda ýa-da belent agaçlaryň şahalarynda ýatýar. Tomsuň yssy günlerini olar, köplenç, suwly ýaplaryň boýunda biten jeňňellikleriň, gamyşlyklaryň kölegesinde geçirýärler we gün öýleden agandan soň iýmitlenmäge çykýarlar.

Sülgün örän köpelgiçdir. Ol her gezekde 7—18, köplenç, 8—14 ýumurtgany basyp çykarýar. Aprel-maý aýlarynda köpelýär. 21—23 gün diýende, ýumurtgadan jüýjeler çykýarlar. Jüýjeler perleri biraz gurandan soň, özbaşdak hereket edip we iýmitlenip başlaýarlar. Eýýäm 50 günden soň olar uçmaga ukyply bolýarlar. Ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri ýok etmekde sülgünleriň peýdasy uludyr.

Beýleki habarlar