Işleri ileri işewürler

15 Maý 2023
1010

Türkmen aslynda maldarçylyk we ekerançylyk bilen meşgullanyp gelýän halk hökmünde tanalýar. Ata-babalarymyz maldarçylygyň, ekerançylygyň inçe tilsimlerini ele alyp, bu babatda baý tejribe toplapdyrlar. Bu gün şol asylly däpler üstünlikli dowam etdirilýär. Türkmen işewürleri, hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri azyk bolçulygynyň pugtalanmagyna öz önjeýli goşantlaryny goşýarlar. Olaryň tutanýerli zähmetiniň netijesinde bazarlarymyz dürli azyk önümleri bilen doly üpjün edilýär. Islän önümiňi saýlap alybermeli, bahalar-da elýeterli. Maldarçylyk we ekerançylyk önümlerini öndürip, halka hödürlemekde «Nurly meýdan» daýhan hojalygy-da nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Döwlet tarapyndan uzak möhletleýin berlen ýer böleginde maldarçylyk, guşçulyk toplumlary, iým zawody guruldy. Jüýje çykarýan inkubatoryň işi ýola goýuldy. Bölünip berlen 383 gektar meýdanyň bir böleginde iým üçin oba hojalyk ekinleriniň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Bir bölegi mallar üçin öri meýdany bolup hyzmat edýär. Bu daýhan hojalygy Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýär.

Maldarçylyk

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar