«TM Trade» onlaýn-platformasy mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär

13 Maý 2023
1216

«TM Trade» bitewi onlaýn söwda platformasy Türkmenistandaky telekeçilere we işewürlere saýtyň baş sahypasynda mahabat bannerlerini ýerleşdirmek hyzmatyny hödürleýär.

Internetdäki mahabat banneri kompýuter grafikasy usulynda ýa-da fotosurat kollažy görnüşinde ýerine ýetirilen, animasiýa ýa-da hereketsiz şekildir. Bannerde kärhananyň potensial müşderilere hödürlemäge taýyn önümi ýa-da hyzmaty şekillendirilýär. Mundan başga-da, bannerde, adatça, kompaniýalaryň habarlaşmak üçin maglumatlary ýerleşdirilýär, oňa basylanda bolsa mahabatçynyň saýtyna ýa-da onuň sosial ulgamdaky sahypasyna girmek bolýar. Banner ajaýyp mahabat guralydyr – ol özüne çekiji we kabul ediş üçin düşnüklidir.

Beýleki habarlar