Tebigatyň täsin guşlary

10 Maý 2023
1879

Ýurdumyzyň günbatar künjegi öz tebigy aýratynlygy bilen tapawutlanýar, bir tarapy belent daglar, beýleki tarapy Hazar deňzi we çöllükler bilen gurşalyp, owadan gözellige eýedir. Günbatar Türkmenistanda haýwanlaryň, guşlaryň ençeme görnüşi duş gelýär.

Baýguş şekilliler otrýadyna degişli guşlar dünýäniň köp ýerlerine ýaýrandyrlar. Olaryň köpüsi oturymly ýaşaýarlar. Bu guşlar towşanlar, kirpiler, ördekler, syçan şekilli gemrijiler, maýda serçe şekilli guşlar bilen iýmitlenýärler. Dünýäde olaryň 133 görnüşi, Türkmenistanda bolsa 9 görnüşi duşýar. Olar sykylykçy hüwüjik, melemtil sary hüwüjik, ak hüwi, baýguş, otagaly hüwi, batga hüwüsi we beýlekilerdir.

Azatgül Şämiýewa,
Türkmenbaşy şäher taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar