Guşlar — tebigatyň bezegi

3 Maý 2023
1873

Garlawaç

Halk arasynda tanalýan guşlaryň biri-de serçeşekilliler toparyna degişli garlawaçdyr. Mart-aprel aýlarynda, ýagny baglara jan girip ýapraklanda garlawaçlar biziň ýurdumyza höwürtgelemäge uçup gelýärler. Adatça, garlawaç geçen ýyldaky guran höwürtgesine gelýär we ony täzeden dikeldýär. Eger höwürtge ýykylan bolsa, onda täzesini gurýar. Höwürtge gurmaly ýerini birnäçe gün öňünden öwrenýär. Höwürtge gurmak üçin saýlanýan ýeriň esasy şertiniň biri — garlawajyň girip-çykmagy üçin girelgäniň gije-gündiz açyk bolmagydyr. Garlawaç höwürtge gurmak üçin toýun toprakdan palçyk, owunjak gury ot-çöpleri ulanýar. Içine ownuk ýumşak ot, ýelek we ýüň düşeýär. Höwürtgä, adatça, 4 — 6 ýumurtga goýýar. Ýumurtgany 13 — 15 gün basýar, jüýjesini iýmitlendirmegi 19 — 22 gün höwürtgede we 1-1,5 hepde höwürtgeden uçandan soň dowam edýär.

Beýleki habarlar