Geografiýa hepdeligi

3 Maý 2023
1493

Ýaş nesliň bilimleri ezber ele almagyny, zehinli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegini gazanmak, okuwçylarda geografiýa dersine höwes döretmek maksady bilen, mekdebimizde geografiýa hepdeligini geçirdik. Oňa şäherdäki mekdeplerden mugallymlar, ene-atalar myhman hökmünde çagyryldy. Bir hepdäniň dowamynda mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda guralan dürli mazmunly çäreler özboluşlylygy bilen tapawutlandy. «Döwletlere syýahat» atly bäsleşigimiz has-da gyzykly boldy. Onda mekdep okuwçylary dünýäniň ençeme döwletlerine gaýybana syýahat etdiler. Olar bijesine düşen döwletleriň milli aýratynlyklaryny açyp görkezdiler: şol ýerde ýaşaýan halkyň dilinde salamlaşdylar, gürrüň berdiler, milli egin-eşiginde aýdym-sazlary, tanslary ýerine ýetirdiler, dürli tagamlary taýýarladylar. Şeýle-de ýurtlaryň döwlet nyşanlarynyň hem-de gözel ýerleriniň suratlaryny çekdiler. Bu şertde dünýä döwletleri barada maglumatlar toplamakda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanyldy. Dünýä dillerinde sorag-jogap alşyldy. Çärede sport oýunlaryna hem giň gerim berildi.

Gyzykly geçen hepdeligiň dowamynda çagalar ýaş nesliň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmegi barada uly alada edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Aýgözel Apbasowa,
Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy.
Beýleki habarlar