Kitaphana ulgamy ösüş ýolunda

3 Maý 2023
1292

Milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalar ulgamynda ösüşleriň, özgertmeleriň bolup geçýändigi guwandyryjydyr. Ýurdumyzyň kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphanalar işe girizildi, olaryň  gaznalarynda saklanylýan neşirler barada ýeke-täk maglumat binýady, ýagny bitewi elektron katalogy döredildi, kitaphanalaryň arasyndaky maglumat alyş-çalyş işi ýola goýuldy. Häzirki wagtda kitaplar elektron görnüşde elýeterli bolup, kompýuterleriň hem-de ykjam telefonlaryň üsti bilen gerekli neşiriň sanly görnüşini almak bolýar. Munuň özi okyja gerekli maglumaty çalt tapmaga, wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bitewi elektron kitaphana ulgamy ýurdumyzyň kitaphanalaryny halkara giňişlige çykarmakda hem-de dünýäniň ösen kitaphana ulgamy bilen utgaşdyrylyp, okyjylar üçin maglumatlary elýeterli etmekde, degişli edebiýatlary tiz we netijeli gözläp tapmakda örän uly ähmiýete eýedir. Biziň şäher merkezi kitaphanamyzda hem bu işler talabalaýyk alnyp barylýar. Kitaphanamyzyň hazynasynda kitaplaryň müňlerçesi bolup, olaryň üsti täze neşirler bilen yzygiderli doldurylýar we okyjylar köpçüligine gyzgyny bilen ýetirilýär. Kitaphanaçylarymyz kitaphana hazynasyny elektron katalogyna geçirmek, okyjylara hyzmat etmek işini yzygiderli ýola goýdular. Dürli kitaplaryň elektron gory döredilip, okyjylaryň olardan netijeli peýdalanmagyna mümkinçilikler berilýär. Kitaphanamyzda seýrek duş gelýän ylmy edebiýatlary okyjynyň eline bermezden, elek- tron kitaphananyň üsti bilen olardan diňe bir okyjy däl, eýsem, bir wagtda birnäçe okyjy peýdalanyp biler ýaly hem şertlerimiz bar.

Baýramgül Ilýozowa,
Türkmenbaşy şäheriniň merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri.
Beýleki habarlar