Islegli harytlar

29 Aprel 2023
1174

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda hususyýetçileriň işleriniň ilerlemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde, önümçilik işlerini sazlaşykly ýola goýan işewürleriň sany hem barha artýar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Atamyrat Jumakulyýewdir.

Hususyýetçä degişli bolan, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän «Bat» haryt nyşanly jorap önümçiliginde zähmet gaýnap joşýar. 2018-nji ýylda açylan kärhanada 50-ä golaý işçi-hünärmen zähmet çekip, bu ýerde ýokary hilli, milli nagyşlar bilen bezelen, göze gelüwli joraplar öndürilýär. Joraplaryň düzüminiň 75 göterimini pagta, 22,5 göterimini spandeks, 2,5 göterimini bolsa elastan düzýär. Kärhanada müşderileriň islegleridir teklipleri giňden öwrenilýär, şeýle-de pasla görä önüm çykarylýar.

Atanyýaz HANGELDIÝEW.
Beýleki habarlar