Telekeçilik ulgamy ösdürilýär

26 Aprel 2023
1024

Ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny işjeň ornaşdyrmakda, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň okgunly ösüşini gazanmakda döwletli tutumlar amala aşyrylýar. Kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde toplumlaýyn işler alnyp barylýar, ulgamyň kadalaşdyryjy-hukuk esaslary yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi hemmetaraplaýyn ösdürmek, öňdebaryjy bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly hususy pudagyň milli ykdysadyýetimizde eýeleýän orny has-da pugtalanýar.

Ajaýyp zamanamyzda hususy işewürleriň gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ajaýyp miwesidir. Ýurdumyzyň hususyýetçileri daşary ýurt harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen, döwlet Baştutanymyzyň özleri barada edýän aladalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen jogap berýärler. Eziz Diýarymyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, welaýatymyzda ýerleşýän hususy kärhanalar, hojalyk jemgyýetleri hem telekeçiligiň ösmeginde, raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrmakda mynasyp işleri ýerine ýetirmegi başarýarlar.

Ogulbäbek NURGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň baş buhgalteri.
Beýleki habarlar