Ösümlikden sement öndürildi

25 Aprel 2023
1094

Daşky gurşawa zyýanly zyňyndylaryň mukdaryny azaltmak ugrundaky global tendensiýa gurluşyk pudagyna hem täsir etdi. Bu ugurda nemes alymlary Nigeriýadaky kärdeşleri bilen bilelikde ösümliklerden sement öndürdiler.

Sement öndürmek üçin ylmy-barlag topary belli bir gyzgynlykda ýanýan manioka ösümliginiň gabygyny ulandylar. «Ösümligi ýakmak arkaly alnan külden häsiýeti boýunça semente meňzeş önümiň üstünde işleýäris. Ony adaty sementiň ýerine birleşdiriji madda hökmünde ulanmak bolar» diýip, Wolfram Şmidt adyndaky serişdeleriň synagy we barlag Federal institutynyň inžener-gurluşykçysy belläp geçýär.

Çaryguly JAMMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar