«Gerçegiň» önümçilik hem eksport gerimi giňeýär

16 Aprel 2023
859

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, türkmen telekeçileri halkymyzyň ýokary hilli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, döwrebap işleri ýola goýýarlar. Döwletimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden ruhlanýan türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksport ugurly önümleri öndürmek, şeýle hem ilatyň iş bilen üpjünçiligine goşant goşmak ugrunda ýokary netijeleri gazanýarlar. Şeýle hususy düzümleriň biri hem, Mary şäherindäki «Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän kärhanadyr.

«Gerçek» haryt nyşanly aýakgap önümlerini öndürýän kärhanada häzirki zaman tehnologik enjamlar arkaly köp görnüşli we dürli ölçegdäki aýakgaplar öndürilýär. Kärhanada Arkadagly Serdarymyzyň telekeçileri goldamak baradaky tagallalaryndan ruhlanyp, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak we görnüşlerini artdyrmak, şeýle hem iş orunlaryny köpeltmek babatda yzygiderli işler alnyp barylýar. Kärhana 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, häzirki wagtda iş orunlarynyň sany 600-den hem geçýär.

Çary Çaryýew,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.
Beýleki habarlar