Täsin guş

13 Aprel 2023
1661

Ýedi-sekiz ýyl mundan öň ýaşyl öwüsýän, gyzyl çüňkli, halkaly totuguşlaryň iki sanysy daşary ýurtdan getirilip, paýtagtymyzdaky seýilgähe goýberilipdi. Häzirki wagtda olar köpelip, glediçiýa diýen agaçlaryň köweklerinde ýaşaýarlar. Ilkinji gezek geçen ýylda nar agajyna gonanda bu guşy surata düşüripdim.

Ýaňy-ýakynda gazetiň fotohabarçysy hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziljek oýnuň suratlaryny almaga barýarkam rus şahyry A.S.Puşkiniň heýkeliniň golaýynda tebigatymyza gözellik goşýan bu guşuň sesini eşitdim. Men çalasynlyk bilen ony surata aldym.

Ahmet TAŇRYGULYÝEW,
fotohabarçy.
Beýleki habarlar