Döwrebap kärhanada

13 Aprel 2023
849

Telekeçiler ýurdumyzyň altyn gaznasyna deňelip, bu ugurdaky işlere barha giň gerim berilýär. Importyň möçberini azaltmak, eksport ugurly harytlaryň sanawyny artdyrmak we şonuň bilen birlikde hyzmatlar ulgamyny giňeltmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Döwrümiziň bu aýratynlygy döwrebap innowasiýalar ornaşdyrylyp, ýokary hilli, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürýän «Ak kent» hususy kärhanasynyň işinde hem öz beýanyny tapýar.

Bu kärhana 2017-nji ýyldan bäri plastmassa önümlerinden çagalaryň oýun meýdançalarynyň gurnamalaryny, suw guýulýan gaplaryň 28 görnüşinden gowragyny, şeýle-de polietilen önümleriniň dürli görnüşlerini elýeterli bahadan hödürleýär. Gün şöhlesine çydamly, sowuk howada hem durnuklylygyny saklaýan harytlara kärhana tarapyndan 1 ýyl kepillik berilýär.

Batyr KULIÝEW.
“Türkmenistan”. Surata düşüren Ilaman Çüriýew.
Beýleki habarlar