“Täze kerwen” hojalyk jemgyýeti gerim alýar

12 Aprel 2023
912

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ähli pudaklar bilen birlikde, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge uly üns berilýär. Ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň gerim almagynda hukuk binýadynyň berkemegine gönükdirilen kanunlardyr kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi muňa doly güwä geçýär.

Sakarçäge etrap häkimliginiň hünärmenleri bize etrabyň çäginde hereket edýän “Täze kerwen” hojalyk jemgyýeti bilen tanyşmagy maslahat berdiler. Bizi hojalyk jemgyýetiniň başlygy Muhammet Şemsetdinow bilen duşurdylar. Muhammet telekeçilik mekdebini Hytaýda 7-8 ýyl okap, özüne gerekli ýeterlik iş tejribäni toplandygyny mälim etdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzasy Muhammet Şemsetdinow 2017-nji ýylda inisi Döwletmyrat bilen polietilen we polipropilen önümçiligini alyp barýan “Täze kerwen” hojalyk jemgyýetini esaslandyrypdyr. Kärhanada Hytaý Halk Respublikasynyň ösen, döwrebap tehnologiýalary hereketde. Täze tehnologiýalara türkmen ýigitleridir gelin-gyzlary erk edýärler. Kärhananyň kuwwatlylygy aýda 100 tonna önüm öndürmäge niýetlenen.

Beýleki habarlar