Ylym öw­ren­me­giň peýdalary ba­ra­da

11 Aprel 2023
1256

Türk­men hal­ky­nyň ede­bi mi­ra­sy um­man ýa­ly giň­dir. Ta­ryh­da ýa­şap ge­çen ady bel­li söz us­sat­la­ry­my­zyň dö­re­di­ji­li­gi dur­mu­şyň äh­li me­se­le­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly pi­kir­le­re örän baý­dyr. Şeý­le söz us­sat­la­ry­nyň bi­ri hem Mu­ham­met Ga­za­ly­dyr. Onuň «Ylym ba­ra­da ki­tap» at­ly ese­ri­ni bil­me­ýän oky­jy seý­rek bol­sa ge­rek. Bu ki­tap­da, adyn­dan gör­nü­şi ýa­ly, esa­san hem ylym-bi­lim ha­kyn­da söz açy­lyp, her bir aly­myň oňa hem­me­ta­rap­la­ýyn yk­jam çe­me­leş­me­li­di­gi nyg­tal­ýar. Eser­de yl­myň yn­sa­nyň ru­hy dün­ýä­si­ne tä­sir edip, ada­myň ah­lak­ly, edep-ter­bi­ýe­li bol­mak­ly­gy­ny ga­zan­dyr­ýan­dy­gy ýa­ly ga­ra­ýyş­la­ra giň orun ber­lip­dir. Bu ba­bat­da Ga­za­ly şeý­le ýaz­ýar: «Ylym adam­la­ryň ruh­la­ry­ny ýa­ra­maz hem he­läk edi­ji ah­lak­lar­dan ha­las edip, dürs ter­bi­ýe­le­mä­ge, ola­ry ha­la­nyl­ýan we bag­ty­ýar­ly­ga ýe­ti­ri­ji ah­lak­la­ra ug­ruk­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir». Şeý­le-de akyl­dar akyl we dil ylym­la­ry­nyň ara­ta­pa­wu­dy­ny aýyl-sa­ýyl edip, akyl yl­my­ny ýo­kar­da goý­ýar. Ol aky­la pa­ra­sat bi­len, dil yl­my­na bol­sa diň­le­mek ar­ka­ly ýe­tip bol­ýar di­ýen dü­şün­jä gul­luk ed­ýär.

Mu­ham­met Ga­za­ly yn­sa­nyň bu dün­ýe­de ama­la aşy­ryp bi­läý­jek iň uly işi ylym öw­ren­mek­dir di­ýen pi­ki­re do­ly uý­ýar. Şun­luk­da, Ga­za­ly öw­ren­mek, akyl ýe­tir­mek, ir­gin­siz yl­my göz­leg­ler yn­sa­ny ahyr­so­ňun­da yl­ma dü­şü­nip baş­la­ma­gy­na ge­ti­rip, baş­ga­la­ra köp san­ly so­wal­lar ber­mek­den ha­las ed­ýän­di­gi­ni dü­şün­dir­ýär. Şeý­le-de, söz us­sa­dy öw­re­nen za­dy­ny amal eden we baş­ga­la­ra öw­re­den ki­şi­niň be­ýik şah­sy­ýet di­ýip ha­sap edil­ýän­di­gi­ni berk bel­le­ýär.

Dur­sun­je­mal BA­BA­LY­ÝE­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň yl­my iş­gä­ri.
Beýleki habarlar