Guwandyryjy işleriň aýdyň beýany

6 Aprel 2023
769

Paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisi geçirildi. Bu gezekki gözden geçirilişde ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň pawilýonlarynda ýurdumyzyň bu ugurda gazananlary, ýerli kärhanalaryň harytlary – azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly, dokma önümleri, kompýuter we kommunikasiýa mümkinçilikleri şöhlelendirildi.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda nygtalyşy ýaly, durmuşa geçirilýän tutumly işleriň netijesinde harytlarymyzyň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanyp, ýurdumyzyň içerki bazaryny ýokary hilli harytlar bilen üpjün etmekde, daşarky söwdany giňeltmekde ýokary netijeler gazanylýar.

Beýleki habarlar