"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Milli gymmatlyklaryň ojagy

Türkmen topragy geçmişde medeni merkezleriň biri hökmünde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda aragatnaşyklaryny ýola goýmaga amatly ýerde ýerleşýändigi üçin dünýä ýurtlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolandan soň halkymyzyň gadymy we orta asyrlar taryhyny öwrenmäge uly üns berlip başlandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli medeniýet, taryh, muzeý ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Bu ugurlar boýunça düýpli, tutumly, ulgamlaýyn işler amala aşyrylyp, ençeme möhüm kanunlar kabul edildi. Türkmenistan 1994-nji ýylda taryhy-medeni mirasyň goralyp saklanylmagyna we dikeldilmegine uly ähmiýet berip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy. Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasy, şol sanda ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bar. Ýurdumyzdaky täsin taryhy-arheologik ýadygärlikleriň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy uly şäherleriň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumyny bu sanawa girizmek işi dowam etdirilýär.

Wysala gowşan arzuwym

25-nji awgustda paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna onuň deslapky tapgyrlarynda ýeňiş gazanan ýaşlaryň 12-si gatnaşdy. Netijede, iň gowy ýaş aýdymçylaryň 6-sy «Ýaňlan, Diýarym!—2023» telebäsleşiginde öňe saýlanmagy başardy. Biz hem ýeňijileriň käbirleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň joşgunly kalplaryndan çykýan buýsançly sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik: Bagdagül MÄMMETGURBANOWA,Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi:

Aýdymçy ýaşlaryň sungat baýramy (Ýaňlan, Diýarym! — 2023)

25-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýeňijiler ýörite diplomlara hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyryna mynasyp boldular. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisine döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Biz hem ýürekleri joşgundan doly ýeňijiler bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Arkadag hem Pyragy — köňülleriň çyragy

Şu günler ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze şygrynyň halkymyza gowuşmagy mynasybetli hoşallyk maslahatlarydyr duşuşyklara, dabaraly çärelere giňden orun berilýär. Olarda geljek ýyl doglan gününiň 300 ýyllyk toýy belleniljek Magtymguly Pyraga Milli Liderimiz, hormatly Prezidentimiz, tutuş halkymyz, dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan belent hormat-sarpa goýulýandygy, hususan-da, söz ussadynyň beýikliginiň Gahryman Arkadagymyzyň täze şahyrana eserinde örboýuna galýandygy öz beýanyny tapýar. Düýn paýtagtymyzyň Magtymguly şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada medeniýet we ylym-bilim toplumlarynyň bilelikde guramagynda «Arkadagyň paýhasyndan sarpaň belent, Pyragy!» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Köpöwüşginli çykyşlara beslenen dabara dynç gününde ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin ajaýyp sowgada öwrüldi.

Sungata belent sarpa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek, öz işine ussatlaryň tejribesini öwrenmek, ýaýratmak işi barha giň gerime eýe bolýar. Elbetde, taryhy ähmiýetli medeni mirasymyza buýsanjy ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmagyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr. Häzirki wagtda şekillendiriş sungatymyz barha ösýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň gözbaşynda bu sungatyň ösmegine uly goşant goşan Bäşim Nuraly, Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew ýaly ussatlar bar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň belli heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, A.Garaýew, D.Jumadurdyýew, M.Nurymow, G.Ýarmämmedow türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň kämilleşmegini gazandylar.

“Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy”

26-nji awgustda Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany binasynyň mejlisler zalynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy hem-de “Edebiýat we sungat” gazetiniň we “Garagum” žurnalynyň redaksiýalarynyň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

«Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün — 26-njy awgustda Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Erkin döredijilik mekanynda «Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary, baýry žurnalistleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan täze eseriň çuňňur many-mazmuny, ähmiýeti dogrusynda beýan etdiler. Şeýle-de bu şygryň türkmen halkyna ýapylan çäksiz serpaýydygyny bellediler.

«Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Düýn — 25-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym! — 2023» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş aýdymçylaryň 12-si gatnaşdy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda belleniljek ýurt Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyry hem uly ruhubelentlikde geçirildi. Dabaranyň başynda hormatly Prezidentimiziň bäsleşige gatnaşyjylara iberen gutlagy okaldy.

Türkmen estradasynyň täze ýyldyzlary göwünleri galkyndyrýar

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmen estradasynyň täze ýyldyzlary göwünleri galkyndyrýar

«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 25-nji awgust (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Sirk ussatlary Türkmenabatda

Türkmenabatly çagalar tomusky dynç alyş möwsümini hiç haçan unutmasalar gerek. Mekdebe ozalkysyndan bir synp ulalyp salam berjek çagalaryň tomsy öz baýramy — Çagalary goramagyň halkara güni bilen garşylany ýaňy ýalydy. Ýöne Awazadaky, Gökderedäki, «Bagtyýarlykdaky»... hezil günler bilen täze okuw ýylynyň başlanmagyna az wagt galdy. Ine, şu günlerde-de çagalara we ululara ajaýyp şüweleň — Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň sirk artistleriniň bilelikdäki çykyşlary sowgat edildi. Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, sirk tomaşasy gündogar sebitde hem 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binasynda guraldy. 20-nji awgustda başlan we her gün iki wagtyna görkezilýän şüweleň 27-nji awgusta çenli dowam eder.

Berkarar eýýamyň eýesi ýaşlar

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada eziz Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugurda alyp barýan syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen şanly waka - Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi ýatdan çykmajak buýsançly wakadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de ösmegine, onuň halkara giňişligindäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýar. Ýaşlar - ata Watanymyzyň ýagty geljeginiň eýeleri, ertirki ösüşleriniň binýadyny goýjak nesiller. Bu hakykat, sözüň doly manysynda, Türkmenistan döwletimizde amala aşyrylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň aýdyň netijelerinde özüniň subudyny tapýar. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary okamak, döretmek, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Muňa golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen «Türkmenistan — ÝUNE

Kino hepdeligi

Düýn paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda ukrain kinosynyň hepdeligi öz işine başlady. 31-nji awgusta çenli dowam etjek medeni çärede ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin dostlukly Ukrainada surata düşürilen çeper we dokumental filmleriň görkezilişleri bolýar. 2020-nji ýylyň önümi bolan, Alekseý Guzuň režissýorlygyndaky «Toý mirasy» filmi hepdeligiň dowamynda görkezilmegi göz öňünde tutulýan kino eserleriniň ilkinjisi boldy. Ukrainanyň dürli sebitlerindäki köpöwüşginli toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän dokumental film tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Kämil sungatyň ýolunda

Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Halow Muhammetgulyýewiň sungat ýoluna ser salyp... Halow Muhammetgulyýew 1953-nji ýylyň 30-njy awgustynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Ýüzbaşy daýhan birleşiginde dünýä inýär. 1960-njy ýylda Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebe okuwa barýar. 1963-nji ýylda ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatyna baýan saz guraly boýunça okuwa girýär. Tejribeli mugallymlar Gennadiý Kandelinskiden, Ýewgeniý Nagornowdan baýan çalmagyň tärlerini kemsiz ele alýar. Şol kämillik hem onuň 1969-njy ýylda Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň baýan we halk saz gurallary orkestriniň dirižýory hünäri boýunça okuwa girmegine sebäp bolýar. Bu ýerde akkordeon saz guraly boýunça Alekseý Krýukowdan tälim alýar.

Sergide oba durmuşy

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy

Ähli şygyr äleminiň wepaly hyzmatkäri — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.Mizemez binalaryň peýmany-ygtybary — Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy. Uly-kiçi her bir işde kaýyldyr ol gullugyna,Külli türkmen halky üçin ömür janly tildigine,Alynmyşdyr asmanlaryň keramatly belligine,Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.

Täzeçilligi söýýän halypa

Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň halypa mugallymy Durdyguly Annaýew bilen biz kärdeş. Ikimizem ýaşlara milli saz guralymyz bolan dutaryň inçe syrlaryny öwredýäris. Ol hemişe iş bilen gümra. Men ondan maýy gelende şu günlerki döredýän eserleri barada gürrüň bermegini soradym. Durdyguly halypa özüne mahsus degişgenlik bilen gara gazmasyna elini ýetirdi. Ol yzly-yzyna ajaýyp sazlaryň birnäçesini çaldy. Onuň täze döreden sazlary bolansoň, men bu aýdymlaryň sazlaryndan bihabardygymy bildirmejek bolup, öz dil açaryna garaşdym.

Gaýratlynyň käri

ýa-da döwür, žurnalist we žurnalistika hakynda oýlanmalar Gaýrat islendik kärdäki adam üçinem gerek. «Gaýrata galmak», «gaýrat etmek», «gaýratyňy tijemek» ýaly sözler her bir aýgytly, çynyňy etmeli, kynam bolsa, iş bitirmeli pursatlarda aýdylýar. Bu sözler gaýraty kemter kişilere känbir aýdylybam durlanok. Diňe gaýraty bar kişilere: «Gaýrat et!» diýilýär. Ýaş galamdaşlaryma ýüzlenen makalama şu sözbaşyny ýönelige almadym. Meniň pikirimçe, žurnalist kärini saýlan adama mahsus bolmaly kän sypat-gylyklaryň içinde iň zerurlarynyň biri gaýratlylyk bolmaly.

Adyň düşdi ilden-ile

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy. Dabaraly maslahat medeniýet we sungat işgärlerini täze döredijilik ylhamyna ruhlandyryjy güýje öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Diýaryň daýanjy — nurana ýaşlar

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ajaýyp wakalary, gazanylýan beýik ösüşleridir ýetilýän mertebeli menzilleri eziz Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Olar agzybir halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlarymyzyň durmuşynda orun alýan taryhy pursatlara beslenip, hemmämizi beýik üstünliklere ruhlandyrýar we nurana ertirlere bolan synmaz ynamymyzy berkidýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen abraýly düzüminden — ÝUNESKO-dan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habaryň gelip gowuşmagy ajaýyp wakalaryň biri boldy. Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda şol ajaýyp waka, ýagny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar Jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň Merkezi binasynda ýaş nesillerimize medeniýetimizi giňden tanyşdyrmakda uly ýardam berýän sergi hem guraldy. «Ata Watanymyzyň beýik geljegini ylym-bilimden ýüki ýetik, zehinli, häzirki zaman tehnikalardan we tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýan, sagdyn hem ruhubelent ýaşlarda görýän» diýýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky beýi