Gaýratlynyň käri

24 Awgust 2023
481

ýa-da döwür, žurnalist we žurnalistika hakynda oýlanmalar

Gaýrat islendik kärdäki adam üçinem gerek. «Gaýrata galmak», «gaýrat etmek», «gaýratyňy tijemek» ýaly sözler her bir aýgytly, çynyňy etmeli, kynam bolsa, iş bitirmeli pursatlarda aýdylýar. Bu sözler gaýraty kemter kişilere känbir aýdylybam durlanok. Diňe gaýraty bar kişilere: «Gaýrat et!» diýilýär. Ýaş galamdaşlaryma ýüzlenen makalama şu sözbaşyny ýönelige almadym. Meniň pikirimçe, žurnalist kärini saýlan adama mahsus bolmaly kän sypat-gylyklaryň içinde iň zerurlarynyň biri gaýratlylyk bolmaly.

Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».