«Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi

26 Awgust 2023
791

Şu gün — 26-njy awgustda Türkmen döwlet Neşirýat gullugynyň Erkin döredijilik mekanynda «Gahryman Arkadagyň ylhamynda Pyragy» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyk türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygryna bagyşlandy. Oňa ýurdumyzyň halypa ýazyjy-şahyrlary, baýry žurnalistleri we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan täze eseriň çuňňur many-mazmuny, ähmiýeti dogrusynda beýan etdiler. Şeýle-de bu şygryň türkmen halkyna ýapylan çäksiz serpaýydygyny bellediler.

«Güneş».