Kino hepdeligi

25 Awgust 2023
720

Düýn paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda ukrain kinosynyň hepdeligi öz işine başlady. 31-nji awgusta çenli dowam etjek medeni çärede ak şäherimiz Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary üçin dostlukly Ukrainada surata düşürilen çeper we dokumental filmleriň görkezilişleri bolýar.

2020-nji ýylyň önümi bolan, Alekseý Guzuň režissýorlygyndaky «Toý mirasy» filmi hepdeligiň dowamynda görkezilmegi göz öňünde tutulýan kino eserleriniň ilkinjisi boldy. Ukrainanyň dürli sebitlerindäki köpöwüşginli toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän dokumental film tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Toýly MUHAMMETDURDYÝEW.
«Türkmenistan».