Milli gymmatlyklaryň ojagy

29 Awgust 2023
340

Türkmen topragy geçmişde medeni merkezleriň biri hökmünde gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, dünýäniň ençeme döwletleri bilen söwda aragatnaşyklaryny ýola goýmaga amatly ýerde ýerleşýändigi üçin dünýä ýurtlarynda uly gyzyklanma döredipdir. Türkmenistan Garaşsyz döwlet bolandan soň halkymyzyň gadymy we orta asyrlar taryhyny öwrenmäge uly üns berlip başlandy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň milli medeniýet, taryh, muzeý ulgamy uly ösüşlere eýe boldy. Bu ugurlar boýunça düýpli, tutumly, ulgamlaýyn işler amala aşyrylyp, ençeme möhüm kanunlar kabul edildi. Türkmenistan 1994-nji ýylda taryhy-medeni mirasyň goralyp saklanylmagyna we dikeldilmegine uly ähmiýet berip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýasyna goşuldy.

Türkmen halkynyň baý taryhy medeni mirasy, şol sanda ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bar. Ýurdumyzdaky täsin taryhy-arheologik ýadygärlikleriň üçüsi — Gadymy Merw, Köneürgenç, Nusaý BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO-nyň) Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Häzirki wagtda Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ýollarynyň ugrundaky Dehistan, Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Köneürgenç ýaly gadymy uly şäherleriň arasynda ýerleşýän ýadygärlikleriň toplumyny bu sanawa girizmek işi dowam etdirilýär.

Nurnabat GURBANMÄMMEDOWA,
«Gökdepe» milli muzeýiniň çeperçilik-dikeldiş, medeni, aň-bilim bölüminiň esasy hünärmeni.