Sungata belent sarpa

27 Awgust 2023
551

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halypa-şägirtlik ýörelgesini ösdürmek, öz işine ussatlaryň tejribesini öwrenmek, ýaýratmak işi barha giň gerime eýe bolýar. Elbetde, taryhy ähmiýetli medeni mirasymyza buýsanjy ýaş nesliň aňyna ornaşdyrmagyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

Häzirki wagtda şekillendiriş sungatymyz barha ösýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň gözbaşynda bu sungatyň ösmegine uly goşant goşan Bäşim Nuraly, Yzzat Gylyjow, Aýhan Hajyýew ýaly ussatlar bar. Garaşsyzlyk ýyllarynyň belli heýkeltaraşlary Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, A.Garaýew, D.Jumadurdyýew, M.Nurymow, G.Ýarmämmedow türkmen heýkeltaraşlyk sungatynyň kämilleşmegini gazandylar.

Kümüş ATAKIŞIÝEWA,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasynyň esasy hünärmeni.