Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.
Dabaraly maslahat medeniýet we sungat işgärlerini täze döredijilik ylhamyna ruhlandyryjy güýje öwrüldi. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.