"Esger" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-23, 38-60-09, 38-61-93
Email: esger-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Muzeý gymmatlyklarymyz Çyn-Maçynda

Şu ýylyň 6 — 8-nji sentýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Dunhuan şäherinde «Ýüpek ýoly» atly VI halkara medeni EKSPO geçirildi. Onda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň amaly-haşam sungatyna degişli gymmatlyklaryndan, taryhy we häzirki zaman fotosuratlardan, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungatyna degişli eserlerinden sergi guraldy. Dunhuan şäheriniň halkara sergi merkezinde serginiň açylyş dabarasyna iki müňden gowrak hytaýly we beýleki ýurtlardan myhmanlar gatnaşdylar. Türkmenistan üçin ýörite taýýarlanylan pawilýonda türkmenleriň gadymy döwürlere degişli keteni matalary, olardan tikilen we elde bejerilen kürtelerdir çyrpylar, köýnekler, ýüpek hem-de ýüň halylar we haly önümleri, milli saz gurallary görkezildi. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli şaý-seplerini myhmanlar haýran galmak bilen synladylar. Serginiň bir bölüminde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleriniň, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy şäherleriniň fotosuratlary hem-de ol ýerlerde ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň nusgalary görkezildi. Serginiň başga bir bölümi häzirki zaman Türkmenistana, şol sanda paýtagtymyzyň gözelliklerine, binalaryna bagyşlandy. Ullakan ekranda aýdym-sazymyz, milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymy

Mahmal owazly Kerem

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýeňiji bolan çagalaryň arasynda Türkmenbaşy şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebiň okuwçysy Kerem Hangeldiýew hem bar. Ýakynda biz onuň halypasy, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Kenar toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň medeniýet öýüniň «Tolkun» aýdym-saz toparynyň çeper ýolbaşçysy Gurbanaly Amanalyýew bilen söhbetdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşigiň döwlet tapgyrynda Keremiň ýeňiji bolmagy bizi diýseň begendirdi. Onuň ýerine ýetiren «Ýaş deňizçiniň aýdymy» atly aýdymy dowamly el çarpyşmalara mynasyp boldy. Munuň özi bizi — mugallymlary has-da döredijilikli zähmet çekmäge, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmäge ruhlandyrdy. Ajaýyp zamanada ýaş nesliň okamagy, öwrenmegi, zehinini açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Zehin zerden zyýada

Belentligi hem kaşaňlygy bilen saýlanyp duran Arkadag şäheriniň häkimliginiň binasynyň ýokarsyndaky «Arkadag» diýen ýazgy «akylly» şähere gireniňden gözüňe kaklyşýar. Haşamly harplaryň özboluşly sazlaşygyndan emele gelen bu ýazgy täze şäherde ýerleşýän adybir gazetdir teleýaýlymyň hem nyşanyna öwrüldi. Biziň söhbetdeşimiz Arkadag şäherini alamatlandyrýan bu ýazgynyň taslamasynyň awtory Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby Goçmämmet Çüriýew. — Goçmämmet, Arkadag şäheri — ýaşlaryň şäheri. Şonuň üçin onuň her künjeginde ýaşlaryň zehin miwelerine duş gelmek bolýar. Siz hem şeýle uly işe öz goşandyny goşmagy başaran ýaşlaryň biri...

Owadan owazly okuwçy

Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi, Arkadag şäherindäki 10-njy orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Aýkäbe Allalyýewa: — Men bu bäsleşikde Mähri Bäşimowanyň sözlerine hem sazyna döredilen «Toý aýdymy» ýerine ýetirdim. Sahnada meniň bilen birlikde çykyş eden «Gülle ýaşlyk» çagalar tans toparynyň ýerine ýetiren tanslary çykyşymyň täsirini has-da artdyrdy.

Belentden ýaňlanan owazlar

Sungat — ynsanyň ruhy baýlyklarynyň biridir. Ol ýürekleriň joşgunyndan emele gelýän hazyna. Ruhy hazynasy kämil bolan milletiň ümzügi hemişe ileri. Ony gorap saklamak, geljekki nesillere mizemez durky düýrmegi bilen miras galdyrmak her birimiz üçin mukaddes borçdur. Ine, 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigi indi bassyr ikinji gezek geçirildi. Bu bäsleşige bagşydyr sazandalaryň ençemesi gatnaşdy. Olar, esasan, türkmen sungatynyň altyn hazynasyna öwrülen ajaýyp aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Emin agzalaryň hem-de tomaşaçylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp bolmagy-da başardylar. Sebäbi ýerine ýetirilen aýdym-sazlaryň ählisi diýen ýaly halkymyzyň ruhy aňyna siňen sungat eserleridir.

Jahana ýaň saldy türkmen dutary

12-nji sentýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän döredijilik gözden geçirilişi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde mähriban halkymyzyň toý şatlygyny goşalandyrdy. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden 12 sany dutarçy sazanda, şonça hem bagşy gatnaşdy. Şolaryň 5-si zenan bagşy-sazandalardyr. Türkmen halkynyň durmuşyny, ruhy medeniýetini dutar-gyjaksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Şunda bu möhüm bäsleşik ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmaga, olaryň halkymyzyň baý ruhy mirasyna aralaşmaklaryna möhüm şertleri döredýär.

Alaja — milliligiň nusgasy

Taryhyň gatlaryndan häzirki günlerimize gelip ýeten gadymy däplerimiziň biri hem maşgalada çaga terbiýe bermek meselesi bolup, bu asylly däp ene hüwdüsinden başlanýar. Ýaş nesilleri halkymyzyň baý milli mirasyna, medeniýetine we sungatyna sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň hem esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýokary baha berilýän medeni mirasymyz, halkyň döreden ruhy, maddy gymmatlyklary muňa şaýatlyk edýär. Ene-mamalarymyz tarapyndan sünnälenip, kämilleşip, nesilden-nesle aşyp, şu günlerimize gelen nepis halylar, keçeler, keşdeler, dürli nagyşly joraplar, alajalar, el işleri biziň nusgalyk mirasymyzdyr. Alaja — ene-mamalarymyzdan miras galan el işleriniň biri. Ol halkymyzyň durmuşyna giňden aralaşypdyr. Halkymyz göz degmekden, göze görner-görünmez bela-beterlerden, ýaman nazarlardan goranmakda alajanyň ähmiýetiniň uludygyna aýratyn ähmiýet berýär. Şonuň üçin türkmen zenanynyň döreden alajasy syrly sungat hem hasaplanýar. Türkmen zenanlarynyň ajaýyp alaja sungaty gadymdan bäri türkmen milli el işlerine gözellik bolup, özboluşly çeper hünär derejesinde häli-häzire çenli kämilleşip dowam edýär.

Gül Watanyň goýnunda

Golaýda Ahal welaýatyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerindäki «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry üstünlikli geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan zehinli çagalaryň birnäçesi gatnaşdy. Ildeşimiz, Türkmenabat şäherindäki 20-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Umytjan Begendikow hem bu bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp boldy. Körpe aýdymçy öz ýürek buýsanjyny şeýle beýan edýär: — Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalarynyň netijesinde güneşli Diýarymyzda aýdym-saz sungatyny ösdürmäge uly üns berilýär. Çagalaryň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ýüze çykarmaklary üçin uly mümkinçilikler döredilýär. Ýylyň-ýylyna ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen dürli döredijilik bäsleşikleri geçirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň bosagasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly şadyýan bäsleşigiň geçirilmegi baş baýramymyza özboluşly sowgat boldy. Bäsleşige ähli welaýatlardan, paýtagtymyzdan ýaş sungat muşdaklary uly höwes bilen gatnaşdylar. Olar Watan mukaddesligini, ösüş-özgertmeleri, gözel tebigatymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdymlar, tanslar, gyzykly degişme sahnalary bilen çykyş etdiler. Men

Türkmen aýdym-saz sungatynyň ussady

 Söýeg bagşy Aýdym-saz sungatymyzyň aňyrsyny gadymyýetden alyp gaýdýandygyny şu goşgy setirleri aýdyň görkezýär:

Sungatda Garaşsyzlygyň waspy

      Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan il bähbitli döwletli tutumlar, şanly wakalara beslenýär. Bu rowaçlyklarda ýurdumyzyň her bir ulgamy bilen bir hatarda milli medeniýetimiz, sungatymyz hem uly ösüşlere eýe bolýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzda hem halkymyzyň buýsanjy goşalanyp, arzuwlara ganat, ylhamlara joşgun berýär. Elbetde, biziň taryhymyza bezeg berýän, durmuşymyzyň her bir pursatyny janlandyrýan zat sungat eserlerimizdir. Şekillendiriş sungatynda hem halkymyzyň taryhy, medeni gymmatlyklary, döwrümiziň beýik ösüşleri suratkeşleriň işlerinde öz beýanyny tapýar. Onuň islendik ugry özüniň özboluşlylygy aýratynlygy, täsinligi bilen seni özüne bendi edýär.            Häzirki wagtda ýurdumyzda suratkeşlik döredijiligine bagyşlanan sergiler, bäsleşikler yzygiderli guralýar. Şekillendiriş sungaty hem dünýäni açmaga, adamlara ruhy lezzet bermäge mümkinçilik döredýär. Çuň mazmunly, döwrebap, kämil eseri döredip, her bir edýän işiňden lezzet almagy başarmak bolsa ussatlara mahsusdyr. Döredýän eserleriniň üsti bilen ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, aslyňa, milliligiňe buýsanç döretmek bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň nyşanydyr. Muňa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym – mähriban Wa

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Türkmenistanyň Mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýagny, 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinden bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolmagy başaran ýaş dutarçy bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ilki bilen, bäsleşige gatnaşyjylar «Çalsana, çalsana, çalsana bagşy!» atly edebi aýdymy bilelikde ýerine ýetirdiler.  

Sungaty gülleden owazlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde, bu ugurda höwesli, ukyp-başarnykly, täze zehinleri ýüze çykarmakda, milli bagşyçylyk sungatymyzy has-da kämilleşdirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Sungaty söýýän halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi bizi tüýs ýürekden buýsandyrdy. Toý-baýramlarymyzda bagşy-sazandalarymyz dutardyr gyjagyň şirin owazyna aýdym aýdyp, kalbyňy jadylaýjy sazlary joşgunly ýerine ýetirýärler. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösüşlerini, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerini wasp edýän aýdym-sazlar halkymyzyň watansöýüjilik duýgusyny has-da artdyrýar.

Köňülleriň owazy – kalplaryň melhemi

Dutar halkymyzda diňe bir medeni miras däl, ol her bir ynsanyň kalbynyň owazy, ruhy güýç berýän jadyly senet. Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly ajaýyp kitabynda: «Söz – köňlüň aýnasy, saz göwün syrdaşy. Ynsanyň saz we söze söýgüsi – onuň ruhubelentliginiň kepili. Saz we söz sungatynyň gadyryny bilýän ynsanlar ýagşylyk eýeleridir» diýip belleýär. Aýdym-saza teşne şahandaz halkymyz ýagşylyk eýeleridir. Türkmen dutary, türkmen sazy gudrat! Ine, muňa 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda  geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýene-de bir ýola göz ýetirdik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiz pederlerimiziň ýoluny mynasyp dowam etdirýärler. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň miwesi bolup, türkmen halkynyň milliligine dünýäde uly sarpa goýulýandygyny aňladýar.

Bagşyçylyk sungaty — adamzadyň medeni mirasy

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 12-nji sentýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Bagşyçylyk sungaty — adamzadyň medeni mirasy

“Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi Aşgabat, 12-nji sentýabr (TDH). Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Çalsana, bagşy!” atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Köňülleri birleşdirýän owazlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp kitabynda halkymyzyň meşhur bagşy-sazandalary barada gürrüň berilýär. Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda, ýagny düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry şol halypa bagşy-sazandalaryň sungatyny Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirýän ýaş zehinleriň, pederlerimiziň ylham akabasyndan güýç alýan kämil nesilleriň kemala gelýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Şunda şu ýyl ikinji gezek geçirilen bu bäsleşigiň hem täze zehinleri ýüze çykarmakda, olary sungat ýolunda has-da kämilleşmeklige, nobatdaky döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakda uly ähmiýete eýedigini nygtamak gerek. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Türkmen halkynyň milli saz gurallary bolan dutardyr gyjagyň sazlaşykly owazyndan döreýän joşgunly halk aýdym-sazlary toýlarymyzyň bezegidir, halkymyzyň ruhy syrdaşydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Türkmen halkynyň durmuşyny, ruhy medeniýetini dutar-gyjaksyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Halkymyzyň dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükl

Dutaryň owazy belentden ýaňlandy

Düýn medeniýete, sungata we aýdym-saza höwesli, dutarçy bagşy-sazandalar üçin buýsançly waka boldy. Ýurdumyzyň medeni-ruhy durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Ýylyň-ýylyna uly dabara we şatlyk-şagalaň bilen geçirilýän bu bäsleşige gatnaşyjylar onuň deslapky tapgyrynda ýeňiş gazanyp, uly buýsanç, ruhubelentlik bilen geldiler. Ähli ildeşlerimizi gyzyklandyrýan dabaralaryň biri «Çalsana, bagşy!» bäsleşigi bolup, köňüllere ruhy galkynyş paýlaýar. Hut şu jähetdenem, bu ajaýyp bäsleşigiň mertebeli sahnasynda onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolanlar ajaýyp aýdym-sazlary bilen tomaşaçylara lezzet berdiler. Bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edilen zehinli aýdymçylar hormatly Prezidentimiziň adyndan altyn zynjyr, ter gül desseleri, gymmat bahaly sowgatlar we şahadatnamalar gowşuryldy.

«Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Şu gün ­– 12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşik türkmeniň milli bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna birnäçe tapgyrlardan saýlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar gatnaşdylar. Aşgabat şäherinden we welaýatlarymyzdan gatnaşan dutarçy bagşy-sazandalarymyz öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Türkmeniň milli saz guraly dutarda çalnan halk sazlarymyzy diňlemek tomaşaçylarymyz üçin diýseň ýakymly boldy. «Kepderi», «Gyrmyzy», «Ýar gara gözli», «Alagaýyşly», «Döwletýardyr» we başga-da birnäçe türkmen halk sazlary ýerine ýetirildi. Bu bäsleşigiň birinji bölümi türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek boýunça geçirilen bolsa, ikinji bölümde bagşylarymyz türkmen halk aýdymlaryny aýtmakda bäsleşdiler. Gadymy sungatlaryň biri bolan bagşyçylyk sungatyndan başy çykýan bagşy-sazandalarymyzyň arasynda şeýle bäsleşikleriň guralmagy we onuň ýokary derejede geçirilmegi buýsanmaga mynasypdyr.

Akyldar şahyryň hormaty

Halkymyz dünýä halklary bilen Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlykly barýar. Ajaýyp üstünliklere, şatlykly wakalara, dabaralara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem nusgawy şahyrymyza bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna barmagy hem-de şol ýerde täze goşgusyny okap bermegi akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormatyň aýdyň beýany boldy. Köpetdagyň eteginde howalanyp, ör-boýuna galan beýik Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan döwletiniň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejelerini belentden, uly dag gerşinden synlap oturan ýaly heýkeli alyslardan seleňläp görünýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň bu belent heýkeliniň ýanynda iş saparynda bolanda, iri medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarydyr akyldarlarynyň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikirini beýan etdi. Şeýle heýkelleriň oturdylmagynyň medeni-seýilgäh toplumyndaky beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirjekdigi barada belläp geçdi.

Paryzdepe — gadymy gala

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň şöhratly taryhyny çuňňur öwrenmekde, halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine goşan gymmatlyklaryny wagyz etmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary ýolgörkeziji şamçyrag bolup durýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ynsanperwer syýasatyň netijesinde gadymy, şöhratly taryhymyzy emele getirýän baý medeni mirasymyz, etnografiýa gymmatlyklarymyz, arheologiýa ýadygärliklerimiz ylmy esasda giňden öwrenilýär. Olary geljekki nesiller üçin gorap saklamak, giňden wagyz etmek, şeýle hem gözel diýarymyzda ýerleşýän täsin taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigy künjeklere daşary ýurtly we ýerli syýahatçylary çekmekde asyrlara ýaň saljak toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň dünýä medeniýetiniň iň ösen ojagydygy bilen berk baglanyşyklydyr. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň aýratynlyklaryny dünýä wagyz etmek ugrunda uly tagallalar edilýär. Bu ugurda häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde tassyklanan Karary esasynda «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» çäklerinde giň gerimli i