Akyldar şahyryň hormaty

12 Sentýabr 2023
340

Halkymyz dünýä halklary bilen Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaralaryna taýýarlykly barýar. Ajaýyp üstünliklere, şatlykly wakalara, dabaralara beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem nusgawy şahyrymyza bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar. Şu ýylyň 17-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzda gurulýan Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumyna barmagy hem-de şol ýerde täze goşgusyny okap bermegi akyldar şahyrymyza goýulýan belent hormatyň aýdyň beýany boldy.

Köpetdagyň eteginde howalanyp, ör-boýuna galan beýik Pyragynyň «Berkarar döwlet istärin» diýip arzuwlan döwletiniň — Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ýeten derejelerini belentden, uly dag gerşinden synlap oturan ýaly heýkeli alyslardan seleňläp görünýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň bu belent heýkeliniň ýanynda iş saparynda bolanda, iri medeni-seýilgäh toplumynda daşary ýurt nusgawy şahyrlarydyr akyldarlarynyň heýkelleriniň hem oturdylmagynyň maksadalaýyk boljakdygy baradaky pikirini beýan etdi. Şeýle heýkelleriň oturdylmagynyň medeni-seýilgäh toplumyndaky beýik akyldar şahyrymyzyň ýadygärligi bilen özboluşly sazlaşygy emele getirjekdigi barada belläp geçdi.

Altyn ANNANEPESOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Şöhle bilen anyklaýyş, bejeriş we onkologiýa kafedrasynyň mugallymy.